Bahaýy Dogalary

Türkmence – Türkmәnce – Түрікмен тілі – تۈركمەن تىلى

Alladan başga, kim kynçylyklardan halas edýär? Aýt: “At-owazaň belent bolsun, Taňryn! Ol Hudaýdyr! Hemmeler Onuň bendeleridir we Onuň Emrine boýundyrlar.

a

Seniň Adyň – meniň melhemim, eý Taňrym! Seni ýatlamak bilen men keselimden gutulýaryn. Saňa ýakynlyk – meniň ynamym, Saňa söýgim – meniň hemram. Seniň maňa keremiň o dünýe – bu dünýe meni keselimden saplaýar, maňa goltgy berýär.

Sen şüphesiz, iň Sahysyň, ähli zady bilijisiň, iň Danasyň!

a

Eý Taňrym, maňa ýol görkez, meni gora, meni aýdyň çyra we parlak ýyldyza öwür. Sen Gudratlysyň we Güýçlisiň.

a

Taňryny ýatlaýan we Ony taryplaýan ülke hem, öý hem, şäher hem, ýürek hem, dag hem, gaçybatalga hem, gowak hem, jülge hem, ýer hem, deňiz hem, ada hem, çemenlik hem bagtyýardyr.

a

Eý Merhemetli Perwerdigär! Sen tutuş adamzady bir kökden ýaradyň. Sen hemmäniň ýeke-täk bir maşgala degişli bolmagyny kesgitlediň. Merhemetiň bilen Sen ähli bendeleriňi, külli adamzady öz saýaňda sakladyň. Hemmeler Seniň desterhanyňdaky eçilen zatlarýň daşyna ýygnandylar; hemmeler Seniň keramatyňdan nur aldylar.

Eý Taňrym! Sen hemmä ýagyşlyk paýlaýasyň, hemme barada aldalanýarsyň, hemmä penakärlik edýärsiň, hemmä ýaşaýyş bagyş edýärsiň. Sen hemmelere zehin we ukyp paýlap berdiň we hemme Seniň çäksiz şepagatyň bilen gurşaldy.

Eý Merhemetli Perwerdigär!

Hemmäni birleşdir! Goý ähli dinler raýdaş bolsunlar, goý ähli halklar bir halk bolup biriksinler, goý mundan bu ýana adamlar birekbiregi bir maşgala, tutuş Ýeri bolsa bütewi bir öý hasap etsinler!

Eý Taňrym, biziň ýüreklerimizi birleşdir!

Eý Merhemetli Perwerdigär! Seniň söýgiň hoşboý ysy bilen biziň ýüreklerimizi şatlandyr! Öz taglymatyň şöhlesi bilen gözlerimizi yşyklandyr! Seniň Owazyňy-Sedaňy eşidip gulaklarymyz hezil etsin we bizi öz Penaňda saklap, hemmämizi gora!

Sen Gudratlysyň, Sen günämizi geçýärsiň. Sen adamlaryň kämilsizligini hasaba almaýarsyň.

a

Bagyşlamagyňy haýyş edýärin, eý meniň Taňrym! Hem-de Sen bendeleriňi Öz ýoluňa düşürmek isleýşiň ýaly, edil şonuň ýa;y-da, biziň günälerimizi geçmegiňi dileýärin. Saňa ýalbarýaryn, Öz hökümdarlygyňa laýyk gelşine görä biziň günälerimizi geç, meni, ata-enemi hem -de Seniň söýgi ymaratyňa girenleri, Seniň merhemetiňe mynasyp bolanlary, Seniň Baky Häkimligine we Ylahy Güýjiň Şöhratyna laýyk gelişi ýaly, bagyşla.

Eý meniň Taňrym! Sen, meniň ýüregimi Seniň şan-şöhratyňa doga okamaga joşdurdyň we diňe Seniň Emriň boýunça häzir Saňa çagyrýaryn . Sen Şöhratly, Sen taryplanýan; men Saňa alkyş okaýaryn, çünki Sen maňa aýan bolduň hem-de Seni tanamak borjumy ýerine ýetirmekde jan çekmeýänligim we Seniň söýgiň ýoluna eýermäge gaýratym ýetmeýänligi üçin meniň günälerimi geçmegiňi dileýärin.

a

Eý Allam! Bu çagalary terbiýele. Bu çagalar seniň bagyň ösümlikleri, seniň çemenligiň gülleri, seniň gülüstanyňdaky bägüller. Öz ýagmyryňy ber, goý olaryň üstüne ýagsyn. Gün Hakykatyny ber, seniň söýgiň bilen şöhlelensinler . Öz şemalyňy ber olary tämizlesin, goý olar össünler, öwrensinler, ösüş gazansynlar we iň oňat gözellige eýe bolsunlar. Sen Peşgeş beriji, Sen sahabatlysyň.

 a

Bahaýy Dogalary için yorumlar kapalı